Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

YHÖG: Ýylyň jemleri boýunça dünýäniň JIÖ-niň ösüşi 3,2 göterim bolar

13:4726.09.2024
0
3595
YHÖG: Ýylyň jemleri boýunça dünýäniň JIÖ-niň ösüşi 3,2 göterim bolar
Surat: atavatan-turkmenistan.com

Dünýäniň Jemi içerki önümi (JIÖ) 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça 3,2 göterim ösüş görkezer. Bu barada Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) täze nutugynda aýdylýar diýip, «rg.ru» ýazýar. Nutuk guramanyň saýtynda çap edildi.

«2024 we 2025-nji ýyllarda dünýä JIÖ-niň ösüşi hümmetsizlenmäniň mundan beýläk peselmegi, ilatyň hakyky girdejileriniň artmagy we ýurtlaryň köpüsinde pul-karz syýasatynyň kadalaşmagy bilen baglylykda, 3,2 göterim derejede durnuklaşar» diýip, guramada bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň