Aşgabatda Eýran Yslam Respublokasynyň ilçihanasy we Medeniýet merkezi tarapyndan gurnalan Muhammet pygamberiň doglan gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çärede Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani we medeni meseleleri boýunça maslahatçy Nawid Rasuli çykyş etdiler. Olar musulmanlaryň arasynda birligiň we raýdaşlygyň ähmiýetini nygtap, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy has-da berkeýändigini bellediler.
Çärä şeýle hem eýran we türkmen halklarynyň wekilleri gatnaşdyylar. Çäräniň maksatnamasy goşgy okamagy, saz çykyşlaryny we pygambermiziň ömri hem-de taglymatlaryna bagyşlanan sahna çykyşlaryny öz içine aldy. Çärä gatnaşyjylar häzirki döwürde pygamberiň mirasyny we onuň musulman halklarynyň arasynda aragatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.