Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi palestinaly we gyrgyzystanly kärdeşleri bilen duşuşdy

21:1326.09.2024
0
2351
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi palestinaly we gyrgyzystanly kärdeşleri bilen duşuşdy
Surat: pakistan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow Palestinanyň hem-de Gyrgyzystanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň täze bellenlen ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Palestina döwletiniň Pakistan Yslam Respublikasyndaky täze ilçisi Doktor Zuhair Muhammet Hamadallah Zaýd bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Yslamabatdaky diplomatik korpusyň işi barada pikir alyşdylar we özara gyzyklanýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de şol gün türkmen diplomaty Gyrgyz Respublikasynyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky täze ilçisi Awazbek Atahanow bilen hem duşuşdy.

Ilçi A.Möwlamow gyrgyz kärdeşi A.Atahanowy mähirli garşy aldy we işinde üstünlik arzuw etdi.

Taraplar özara gyzyklanýan meseleler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň