Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy

00:1225.09.2024
0
37255

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn nyşany gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa Türkmenistanyň bu iň ýokary sylagy Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda gowşuryldy.

Permanda bellenilişi ýaly, halk artisti A.Nurmuhammedowa bu belent sylaga Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we merdana türkmen halkynyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmeginde gazanan ajaýyp üstünlikleri, ata Watanyny, mähriban halkyny belentden wasp etmek bilen, ýurduň milli medeniýetini, milli aýdym-saz we tans sungatyny milli ruhda ösdürmäge we dünýä ýaýmaga goşan uly şahsy goşandy, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, zehinli ýaşlary ýetişdirmekde bitiren giň gerimli işleri, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmeti üçin mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň