Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi

12:0605.10.2024
0
9187

Habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hem hasabat berdi. Şu maksat bilen, şu ýylyň 26-njy sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherine iş sapary amala aşyryldy.

Bellenilişi ýaly, 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti sessiýada çykyş edip, häzirki zamanyň ählumumy meseleleri, hususan-da, howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi, ynsanperwerlik meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ulgamlardaky halkara başlangyçlary barada aýdyldy. Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny geljekde amala aşyrmak maksady bilen, halkara parahatçylygy berkitmek, dünýäde ýüze çykýan dürli ýagdaýlary çözmek üçin öňüni alyş diplomatiýasyna, Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanmak babatda teklipler öňe sürüldi. Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Durnukly ösüş babatda Türkmenistan tarapyndan çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasy; Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasy; Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigi baradaky teklipler beýan edildi. Türkmenistan Aral meselesine, Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde ekologik abadançylygy üpjün etmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Daşky gurşawy goramak maksatnamasy, Ösüş maksatnamasy, degişli halkara maliýe institutlary, şol sanda Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Ynsanperwer ulgam barada aýdylanda, türkmen tarapy ilaty, eneligi we çagalygy goramak, maýyplaryň, bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak, durmuş meseleleri boýunça işleri dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem 2025-nji ýylda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň, dünýäde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belleniljekdigi bilen baglylykda, bu ýylyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şoňa görä, bu şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri BMG-niň agza döwletleri bilen bilelikde üstünlikli geçirmegiň möhümdigi aýdyldy.

Nýu-Ýorka saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “C5+1” düzümdäki duşuşygyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky her ýylky duşuşygyna gatnaşdy. Olarda garalan meseleler boýunça Türkmenistanyň resmi garaýyşlary beýan edildi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçirilen duşuşygyň barşynda iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň Aşgabada bolan iş saparynyň hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň nusgawy häsiýete eýedigi, häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde duran dürli meseleler babatda Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny nygtaldy.

Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri ýola goýmak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde çykyş etmegi, şeýle hem nobatdaky sessiýada onuň öňe süren teklipleri we başlangyçlary munuň şeýledigini görkezýär.

Döwlet Baştutany geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň