2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa topara başlyklyk edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymžan Koýşybaýew hem-de toparyň agzalary gatnaşdylar.
«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, mejlisde, hususan-da, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag, maliýe, oba we suw hojalygy, gurluşyk, medeniýet, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna syn berildi.
Türkmen tarapynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Merkezi Aziýada Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň biridigine ünsi çekdi. Munuň şeýledigini bu iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depgini-de aýdyň tassyklaýar.
Gazak wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň hem Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça çalt depginde ösýändigini nygtady. Iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklar, beýleki özara saparlar munuň üçin esasy binýat bolup çykyş edýär.
Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda netijeli gepleşikler geçirildi.
Mejlisiň ahyrynda degişli Teswirnama gol çekildi.