Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Saglyga zyýan ýetirip biljek 5 sany ertirlik

0
59257

Ertirlik adamyň gün tertibinde iň möhüm nahar bolup, ol uzakly günüň nähili geçjekdigini kesgitleýär. Şeýle-de bolsa, ertirlik naharlarynyň hemmesi ynsan üçin deň derejede peýdaly däldir. Geliň, ertirlik naharlarynyň içinde iň zyýanly bolup biljek bäş dürli tagama, şeýle-de näme üçin olary kabul etmekden saklanmalydygyna seredip geçeliň.

Mýusli we gury ertirlik naharlary

Saglyk iýmiti hökmünde bilinýändigine garamazdan, mýusli we hlopýa köplenç artykmaç şekeri düzüminde saklaýar. Bu tiz uglewodlar ganyň glýukoza derejesiniň düýpli üýtgemegine sebäp bolýar. Netijede, nahardan bir sagat soň, ýene ajykmak duýgusy ýüze çykýar.

Çörek önümleri

Kruassan, bulka hem-de piroglar — günüň başlangyjy üçin gowy saýlaw däldir. Şeýle görnüşde bişirilen önümleriň esasy düzümi — un, şeker we trans ýaglardan ybarat bolup, bedene zyýan etmese peýdaly däldir. Bu iýmitler hem ganda şekeriň köpelmegine getirýän tiz uglewodlardyr.

Täze sykylan şireler we miwe smuzileri

Miwe şireleri we smuziler düzüminde süýümsiz fruktozanyň ummasyz mukdaryny saklaýar. Bagyr fruktozany diňe çäkli mukdarda gaýtadan işläp bilýär we galany ýaga öwrülýär. Bulardan iň gowy peýdalanyp boljagy — banan ýa-da awokado goşulan gök otly we ir-iýmişli taýýarlanylan smuzidir.

Mannaýa kaşasy

Aslynda kaşalaryň köpüsi peýdaly bolsa-da, mannaýa kaşasynyň özboluşly zybanly taraplary bardyr. Onuň düzüminde witaminler we süýüm az bolup, kaloriýa köpdür. Kaşa iýilenden soň ganyň glýukoza derejesiniň çalt ýokarlanmagy agramyň artmagyna hem-de insulinrezistentligiň ösmegine sebäp bolup biler.

Ertirlik naharyny edinmezlik

Ir bilen nahar iýmezlik — iň erbedi. Hatda azda-kände zyýanly bolup biljek nahary iýmek hem ertirlik edinmezlikden has gowudyr. Boş aşgazanda kofe ýa-da çaý içmegi ertirlik hasaplap bolmaýar, sebäbi ol siňdirmek üçin iýmit ýok ýagdaýynda aşgazan suwunyň öndürilmegini stimulirleýär.

Ertirlik naharyny saýlanyňyzda — beloklara, çylşyrymly uglewodlara we sagdyn ýaglara baý bolan deňagramly tagamlara ähmiýet beriň. Bu siziň bütin günüň dowamyndaky energiýaňyzy üpjün edip, özüňizi oňat duýmagyňyza ýardam eder.

Peýdalanylan çeşme: 74.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar