Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan 2030-njy ýylda ykdysady taýdan öňdebaryjy ýurt bolmagy maksat edinýär

16:5826.09.2024
0
3811
Hindistan 2030-njy ýylda ykdysady taýdan öňdebaryjy ýurt bolmagy maksat edinýär
Surat: gazeta.ru

Seljerijiler Hindistanda ykdysady gudratyň boljakdygyny, netijede, bu ýurduň Jemi içerki önüm babatda 2030-njy ýylda dünýäde öňdeligi eýelejekdigini çaklaýarlar. Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.

«S&P Global» guramasynyň bahalandyrmasyna görä, hindi yksadyýeti her ýyl 6,7 göterim ösüp, 2030-2031-nji ýyllarda 7 trillion dollardan hem agar. Bu ýurda ABŞ-dan, Ýaponiýadan we Ýewropa Bileleşiginden ozmak bilen, üçünji orny eýelemäge mümkinçilik berer.

«Durnukly ykdysady ösüş Hindistanyň karz ukyplylygyna oňyn täsir edýär. Biz munuň öňdäki iki-üç ýylda dowam etjekdigini çaklaýarys» diýip, ady tutulan guramanyň hünärmenleri belleýärler.

Bu ugurda arzan we bilimli işçi güýji, ýokary tehnologiýaly hyzmatlaryň ösüşi we önümçiligiň Hytaýdan göçürilip getirilmegi esasy orny eýelär. Şunda geljegi uly maýa goýum pudaklaryň hatarynda elektronika, derman senagaty,

Gün energetikasy we akkumulýatorlaryň önümçiligi agzalýar. Deňiz söwdasyny işjeňleşdirmek üçin port infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň hem wajyp hyzmaty bar.

«Hindistan eýýäm nebiti iň köp satyn alýan ýurtlaryň biridir. Emma Hytaýdan tapawutlylykda, ählisi gaýtadan eksporta iberilýär. Nebit çig maly zawodlarda dizel ýangyjyna, mazuda we beýlekilere öwrüp, şolbada beýleki ýurtlara iberýärler» diýip, Russiýanyň Milli energiýa howpsuzlygy gaznasynyň öňdebaryjy hünärmeni Igor Ýuşkow gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň