Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aktýor Roman Madýanow aradan çykdy

11:0926.09.2024
0
4207
Aktýor Roman Madýanow aradan çykdy
Surat: interfax.ru

Russiýaly meşhur teatr we kino aktýory, ýurduň at gazanan artisti Roman Madýanow 63 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada telealypbaryjy Ýekaterina Striženowa öz telegram-sahypasynda habar berdi diýip, «Interfax.ru» habar berýär.

Madýanow ýurdunyň «Nika» sungat baýragynyň ikinji plandaky iň oňat keşp üçin dört gezek, «Altyn bürgüt» baýragynyň iki gezek eýesidir. Ol 1973-nji ýylda Georgiý Daneliýanyň «Düýbünden ýiten» filminde Geklberri Finniň keşbini janlandyrdy. 1984-nji ýylda ýurduň Döwlet teatral institutyny tamamlady.

Madýanowa Andreý Zwýaginsewiň «Lewiafan» filmi we «Esgerler» serialy has meşhurlyk getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň