Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Astrahanyň gubernatorynyň orunbasary bilen gepleşik geçirildi

18:2726.09.2024
0
4737
Aşgabatda Astrahanyň  gubernatorynyň orunbasary bilen gepleşik geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň orunbasary – hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ulag, logistika we gämi abatlaýyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi. Şeýle-de duşuşygyň barşynda bilim we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň