Soňky habarlar

Arhiw

15-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:5615.07.2024
0
11662

Türkmenistan Donald Trampyň janyna kast etmek synanyşygyny ýazgardy, Brýusselde Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli döredilen wideoýazgy görkezildi, türkmen telekeçileri Daşkentde geçiriljek sergide önümlerini tanyşdyrarlar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habar Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edildi. «Türkmen tarapy güýç ulanmak boýunça bu hereketi aýgytly ýazgarýar we Donald Trampa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär» diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda bellenilýär. 13-nji iýulda Pensilwaniýa ştatynda geçirilen saýlawlardan öňki duşuşykda Donald Tramp çykyş edýärkä atyşyk başlandy we ABŞ-nyň öňki Pezidenti gulagyna ýaralandy. Ýene iki adam ýaralandy, bir adam aradan çykdy.

2. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-saz wideosynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Belgiýaly artist Toni tarapyndan ýerine ýetirilen, Türkmenistan baradaky rep aýdymynyň wideosy Brýusseliň meşhur ýerlerinde we ilçihananyň özünde surata düşürildi. Türkmen ilçisi Sapar Palwanow Magtymguly Pyragynyň eserleriniň türkmen medeniýeti we dünýä edebiýaty üçin ähmiýetini nygtap, onuň «Ýagşydyr» atly goşgusyndan setirleri okady.

3. 2024-nji ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkende «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň giň gerimli milli sergisi geçiriler. Sergide ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 60-dan gowrak türkmen kompaniýasy öz önümlerini tanyşdyryp, Türkmenistanda öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň görnüşlerini görkezerler.

4. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara Türkmenistanyň edermen gallaçylarynyň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

5. Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Týan Szýao teatrynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Amaly-haşam sungatynyň eserleri, gadymy lybaslar, zergärçilik önümleri, meşhur türkmen halylary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Gadymy kümüş şaý-sepleri, dürli görnüşdäki zergärçilik önümleri, şeýle hem ahalteke bedewleriniň kümüş şaý-sepleri çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

6. 13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onda birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Dünýäde

7. Bolgariýaly merhum palçy zenan Wanganyň 2025-nji ýyla degişli ozal mälim bolmadyk çaklamasy barada maglumatlar internetde peýda boldy. Bu maglumatlara görä, Wanga ozal pikir edilişi ýaly, 2023-nji ýylda däl-de, bu döwürde «ahyrzamanyň» başlanjakdygyny aýdypdyr. Wanganyň öňe sürýän welilikleri geljegi garaňky suratlandyrýar, ýöne bu «çaklamalar» uly şübhe bilen kabul edilmeli. Wanganyň hakykatdanam şeýle zatlary aýdandygyny tassyklaýan ygtybarly subutnamanyň ýokdugyny bellemek möhümdir. Bilermenleriň köpüsi şunuň ýaly «welilikleriň» köplenç ýalňyş düşündirişiň, käte bilgeşleýin aldawyň netijesidigine ynanýarlar.

8. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty sanly ykdysadyýet barada täze Hasabatyny çap etdi, onda sanly tehnologiýalaryň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiri nygtalýar. Hasabata görä, sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly galyndylaryň mukdary 2022-nji ýylda 10,5 million tonna ýetdi, bu görkeziji 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 30% köpdür.

Sport habarlary

9. Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň Berlin şäherinde geçirilen final duşuşygynda Angliýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ispaniýa dördünji gezek Ýewropanyň çempiony boldy we Ýewropa çempionatlarynda ýeňişleriň sany boýunça rekord goýdy. Angliýanyň ýygyndysy bolsa bassyr ikinji gezek finalda asgyn geldi. Iňlisler 2021-nji ýyldaky finalda Italiýanyň ýygyndysyndan hem ýeňlipdiler. Angliýa Ýewropa çempionatynda bir gezek hem ýeňiş gazanyp bilmedi.

10. Russiýanyň Dmitriý Sotnikowyň ýolbaşçylygyndaky «KAMAZ-master» topary ýük ulaglarynyň arasynda «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň 2024-nji ýyldaky çempiony boldy. Ýaryşda ikinji orna onuň topardaşy Eduard Nikolaýew, üçünji orna bolsa «MAZ» toparyndan Sergeý Wýazowiç mynasyp boldy. Sotnikow üçin bu«Ýüpek ýolly» ýaryşynda bäşinji ýeişdir. Ol bu ýaryşda 2013, 2017, 2021 we 2022-nji ýyllarda hem çempion bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň