Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew «Turanyň» baş tälimçisi boldy

15:0223.06.2024
0
10389

Mahaçkala şäheriniň «Dinamo» futbol klubynyň metbugat gullugy türkmenistanly futbol hünärmeni Gurban Berdiýewiň bu klubyň maslahatçysy wezipesini tamamlap, Azerbaýjanyň Premýer ligasyna wekilçilik edýän «Turan» toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini habar berdi.

― Gurban Bekiýewiç «Dinamo» bilen hoşlaşmak, bilelikdäki işlerimiz üçin hoşallygyny bildirmek, toparyň Russiýanyň Premýer ligasyna çykmagy mynasybetli gutlamak we täze ýaryşda üstünlikleri arzuw etmek maksady bilen Dagystanyň türgenleşik merkezine geldi.

Bu gün biz uly buýsanç bilen: «Hemmesi üçin, köp sag boluň, Gurban Bekiýewiç!» diýýäris. «Dinamo» gelip, toparyň taryhynda ilkinji gezek iň ýokary liga çykmagyna goşan goşandyňyz , futbolçylarymyza öwredenleriňiz biziň hiç haçan ýadymyzdan çykmaz.

Respublikamyzda çagalaryň we ýetginjekleriň futboly bilen bagly henize çenli juda bir göze ilmedik, ýöne asla kiçi-girim bolmadyk meseleleri çözmäge beren ýardamyňyz üçin hem hoşallyk bildirýäris! Her bir tejribeli hünärmen ýaly, siz hem uly işleri üstünlikli durmuşa geçirip bilýändigiňizi görkezdiňiz!

Täze toparyňyzda size üstünlikleri arzuw edýäris, Gurban Bekiýewiç ― diýlip, «Dinamonyň» meştbugat gullugynda ýazylýar.

71 ýaşly tälimçi «Dinamoda» 2023-nji ýylyň iýul aýyndan şu ýylyň fewralyan çenli işledi. Aprel aýyndan bäri bolsa ol Gajiýewiň maslahatçysy bolup işläp gelýärdi. Hut, Gurban Berdiýewiň ajaýyp tälimçilik başarnygy bilen «Dinamo» taryhynda ilkini gezek RPL-e çykdy.

Gurban Berdiýew «Turanda» 2 ýyl işlär, onuň işiniň netijesine laýyklykda, üçünji ýyl üçin hem şertnama baglaşmak ähtimallygy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň