Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de biziň eýýamymyzyň VI asyryna degişli şäher tapyldy

07:0022.06.2024
0
7788
BAE-de biziň eýýamymyzyň VI asyryna degişli şäher tapyldy
Surat: mir24.tv

Birleşen Arap Emirlikleriniň Umm-el-Kuweýn şäheriniň etrabynda gazuw-agtaryş işleri wagtynda biziň eýýamymyzyň VI asyry bilen senelenýän şäheriň harabalygy tapyldy. Arheologlaryň pikiriçe, ol ýitirilen Tuam şäheriniň harabalyklary bolmaly diýip, «MIR 24» ýazýar.

Taryhy çeşmelere görä, şäher Meksika aýlagynyň kenarýakasyndaky gadymy döwletiň paýtagty bolupdyr.

VI asyrda Tuam şäheri gülläp ösüpdir. Ol barada hatda arap golýazmalarynda-da ýatlanýar. Emma şäheri mergi keseli basyp, ol pese gaçypdyr.

Gazuw-agtaryşlar netijesinde bu ýerde uly ýaşaýyş öýleriniň üstünden baryldy. Alymlar bu ýerde ilatyň gür ýaşandygyny we gülläp ösýän şäher gurşawynyň bolandygyny çaklaýarlar.

Bu Emirliklerde Pars aýlagynyň kenarynda tapylan iň iri taryhy ilatly ýerdir.

Bu ýerden tapylan meý saklanýan küýzeler, balyk galyndylary şäheriň beýleki döwletler bilen ýygjam söwdany alyp barandygyny subut edýär. Döwlet Yrak, Hindistan we Persiýa bilen işjeň söwda edipdir diýip, «Arkeonews» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň