5-nji maýda duşuşyklaryň ikisi bilen Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Tapgyryň birinji duşuşygynda «Köpetdag» Türkmenbaşy şäheriniň TNGIZT topary bilen deňme-deň oýnady (3:3). Oýun gününiň ikinji duşuşygynda Mergen Ataýewiň türgenleşdirýän «Senagatbank» topary «Migrasiýadan» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Bu tapgyryň ýene-de bir duşuşygy – «Deňizçi» bilen «Turan» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 7-nji maýda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, futzal ligasynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji hem-de 4-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary Aşgabat şäherinde geçirilýär.
Türkmenistanyň futzal çempionatynyň toparlaryň 6-synyň gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.
Dört aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler.
Birinji tapgyryň duşuşyklary:
«Köpetdag» – TNGIZT – 3:3
Gollar: 7 Allaberdi Meredow, 17 Sähetmyrat Atdaýew, 36 Kerwen Annaorazow – 11, 25 Maksat Amanow, 32 Mekan Şamyradow.
«Migrasiýa» – «Senagatbank» – 1:2
Gollar: 36 Abdylla Gurbannepesow – 18 Resul Heşdekow, 22 Nepesgeldi Ataýew.