Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş hem-de halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen köpçülikleýin ýörişe badalga berip, Saglyk ýolunyň 8 kilometrligini geçdi. Saglyk ýolunyň bu böleginiň düşülýän ýerinde döwlet Baştutany sporty wasp edýän aýdym-sazlar bilen ugradyldy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş tamamlanansoň, bu ýerde halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Buýrugy okalyp, erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň we dünýäniň çempiony, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjowa hem-de agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony, ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelän türkmen türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Matýakubowa döwlet Baştutanynyň adyndan Şa serpaýlary – 2023-nji ýylda goýberilen, ak reňkli, "Toyota Camry" kysymly awtoulag sowgat berildi.
Şeýle-de bu ýerde şu ýylyň dowamynda dürli halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.