"Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasyna täze tehnikalar gelip gowuşdy

09:3329.03.2024
0
7679

"Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasyna täze buraw desgalary gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu häzirki zaman tehnikalary türkmen geologlaryna işde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam eder.

Täze tehnikalar "Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna" laýyklykda, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň korporasiýanyň dürli görnüşli buraw desgalaryny we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak baradaky gol çeken degişli Kararyna laýyklykda alyndy. Häzirki wagtda bu buraw desgalaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Satyn alnan buraw desgalary geljekde ýerasty suwlarynyň gorlaryny artdyrmaga we ýerasty baýlyklaryň täze ýataklarynyň açylmagyna uly itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň