«Zemin syýahat» syýahatçylyk agentligi: dynç alyşyňyzy we iş saparlaryňyzy ussat hünärmenlere ynanyň

12:3527.04.2024
0
20897

«Zemin syýahat» hojalyk jemgyýet syýahatçylar, şol sanda dynç almak isleýänler üçin hem, iş sapary bilen gidýänler üçin hem dürli hyzmatlary hödürleýän tejribeli we ygtybarly syýahatçylyk agentidir.

«Zemin syýahat» HJ şulary hödürleýär:

Işewürlik gezelençleri:

  • daşary ýurt iş saparlaryny meýilleşdirmekde we geçirmekde kömek.
  • petekleri, myhmanhanalary bronlamak, pul geçirimleri.
  • wiza goldawy.

Dynç alyş gezelençleri:

  • dürli görnüşli we islendik bahadan gezelençler.
  • meşhur syýahatçylyk ýerleri we aýratyn ugurlar.

Wizalary resmileşdirmek:

  • Gazagystana, Özbegistana, Täjigistana, Eýrana, Hindistana we beýleki ýurtlara wizalary resmileşdirmekde kömek.

Syýahatçylyk maslahatlary:

  • maksatlaryňyza we býujetiňize laýyk gelýän syýahaty saýlamak.
  • resminamalary ýygnamak boýunça maslahatlar.
  • syýahat bilen baglanyşykly islendik soraglara jogaplar.

Resminamalaryň ýazmaça terjimesi:

  • terjime hyzmaty resminamalaryňyzyň takyk we ýokary derejeli terjimesini üpjün eder.

«Zemin syýahat» kompaniýasynyň telekeçiler üçin işewürlik gezelençlerini guramakda tejribesiniň bardygyny bellemek gerek.

Häzirki wagtda «Zemin syýahat» HJ Türkmenistandan telekeçiler üçin Gazagystana we Ermenistana işewürlik saparlaryny üstünlikli gurady hem-de Gazagystandan Türkmenistana işewürlik missiýalarynyň guramaçylyk bölegini ýerine ýetirdi.

«Zemin syýahat» iş saparlaryny guramak bilen baglanyşykly ähli aladalary öz üstüne alýar: petekleri bronlamak, pul geçirimleri, rahat myhmanhanalarda ýerleşdirmek, iýmit üpjünçiligi we giň gerimli işewürlik maksatnamasyny düzmek. Netijede, işewürlik missiýasyna gatnaşyjylar öndürijilikli işlemek üçin wagtlaryny boşadyp, maksatlaryna ýetmäge ünsi jemläp bilerler.

«Zemin syýahat» HJ bilen (+993 62) 60 68 85, (+993 62) 94 85 60 telefon belgileri ýa-da info@zemin-tours.com elektron poçta arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Kompaniýanyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Ý.Durdyýew köç., 48.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň