Arhiw

Kononenko we Çub 2024-nji ýylda ilkinji gezek açyk äleme çykdylar

12:5527.04.2024
0
19522
Kononenko we Çub 2024-nji ýylda ilkinji gezek açyk äleme çykdylar
Surat: iz.ru

Russiýaly kosmonawtlar Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bu ýylda ilkinji açyk kosmosa çykyşy amala aşyrdylar diýip, «Ren.tv» habar berýär.

Tehniki işler üçin kosmonawtlara 6,5 sagat möhlet berildi, emma olar işleri iki sagat öň tamamlamagy başardylar.

Kononenko we Çub Halkara kosmos bekediniň çäklerinden çykany bäri doly açylmadyk radiolokatory iş ýagdaýyna getirdiler, şeýle hem «Poisk» modulynda ylmy synaglary geçirmek üçin enjamlary oturtdylar, «Nauka» modulynyň ýüzünden stansiýanyň materiallarynyň durnuklylygyny öwrenmek üçin nusgalary aldylar.

Oleg Kononenko Türkmenistanda doguldy, çagalygy we ýaşlyk ýyllary Türkmenabat şäherinde geçdi, ol Türkmenistanyň Gahrymanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň