24-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli yglan eden bäsleşiginiň jemine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.
Bäsleşige ýurduň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlar, žurnalistler, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar türkmen bedewini wasp edýän goşgulardyr makalalary bilen gatnaşdylar. Poeziýa žanry boýunça bäsleşigiň baş baýragyna Öwez Gurbanýazow, makala žanry boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew mynasyp boldy.
Şeýle-de döredijilik bäsleşiginde 2-3-nji orunlara eýe bolanlara Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.