Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy

11:2327.04.2024
0
13128
110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy
Surat: gazeta.ru

ABŞ-da ýaşaýan 110 ýaşly Winsent Dransfild özüniň uzak ýaşynyň syryny açdy, onuň taryhyny WNBC neşiri paýlaşdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Dransfild 1914-nji ýylyň 28-nji martynda doguldy, 1945-nji ýyldan bäri Nýu-Jersi ştatynyň Litl-Fols diýen ýerindäki öýünde ýaşaýar. Ol 60 ýyldan gowrak awtoulag ussasy bolup işländen soňra aýalynyň haýyşy boýunça pensiýa çykdy.

Pensioner özüniň uzak ýaşamagynyň syrynyň ýaşka oňat iýip-içendigi bilen düşündirýär. Ýetginjekkä ol süýt fermasynda işläpdir. Şol ýerde ol köp süýt içipdir, bu-da onuň uzak we sagdyn ýaşamagyna sebäp bolupdyr.

«Men kän süýt içerdim, oňat naharlanardym. Süýt meniň süňklerimiň berk bolmagyna sebäp boldy diýip pikir edýärin» diýip, ol gürrüň berýär.

Pensioner şeýle-de uzak ýaşynyň ýene bir sebäbini adamlara hoşamaý bolmagynda we durmuşa ruhubelent garamagynda görýär.

«Men işim şowuna bolmadyk ýagdaýlarynda ruhdan düşmezlige çalyşýaryn» diýip, Dransfild nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň