Koreýanyň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili fakultetini açmak mümkinçiligine seredildi

09:3928.03.2024
0
14963
Koreýanyň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili fakultetini açmak mümkinçiligine seredildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew bu ýurduň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Prezidenti Joň Wun Pak bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

27-nji martda bolan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamynda, şol sanda, 2019-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda baglaşylan Özara ylym-bilim hyzmatdaşlygy hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bilim hem-de ylym ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda bar bolan mümkinçilikler boýunça hem özara pikir alyşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda ilçihana bilen uniwersitetiň özara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň, şol sanda, bilelikdäki çäreleri geçirmekligiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşygyň barşynda Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili fakultetini açmak mümkinçiligine hem seredildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň