Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp birnäçe kitap çap edildi

16:3127.03.2024
0
14352

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dürli kitaplar çap edildi. Bu kitaplar hünärmenleriň, şeýle hem Gündogaryň akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň döredijiliginiň muşdaklaryny özüne çeker. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, «Beýik Magtymguly we türkmen durmuşy» atly makalalar ýygyndysynda şahyryň ýaşan we döreden taryhy döwrüne häsiýetnama berilýär, onuň paýhasly şygryýetiniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna hem ruhy dünýäsine täsiri açylyp görkezilýär.

«Magtymguly – ylham çeşmesi» atly başga bir ýygyndyda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň köptaraply döredijilik mirasyny giňişleýin öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy makalalar jemlenipdir.

Gurbandurdy Geldiýewiň «Magtymgulynyň döredijiliginde ýer-ýurt atlary we olaryň poetikasy» atly monografiýasy Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän geografik atlaryň manysyny düşündirmäge we olaryň çeperçilik gymmatlyklarynyň poetika arkaly açylyşyna bagyşlanýar.

Tanymal alym Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we şygryýetiniň türki halklarynyň medeniýetine ýetiren täsiri barada geçiren köpýyllyk gözlegleriniň netijeleri jemlenipdir. Onda türki dilli alymlaryň we ýazyjylaryň türkmen nusgawy şahyrynyň öçmejek eserlerini öwrenişleri, Magtymguly Pyragynyň goşgy ýygyndylarynyň türki dillerdäki dürli neşirleri barada maglumatlar berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň