Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda 96 müň gektardan gowrak ýeriň dökünlemek işleri tamamlandy

12:0830.01.2024
0
36326

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda gowaça ekiljek ýerleri fosfor dökünleri bilen gurplandyrmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatda degişi tehnikalar arkaly gowaça ekilmegi meýilleşdirilýän 130 müň gektar ýeriň 96 müň gektaryna golaýynda dökünlemek işleri tamamlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dökün berlen atyzlar sürlüp, tekizlenip, ýuwuş suwuna tutulýar. Welaýat boýunça häzire çenli fosfor dökünleriniň 20 müň tonna golaýy atyzlara sepildi. Bu bolsa her gektara 200 kilogramdan hem gowrak dökün berlendigini aňladýar.

Jeýhun ýakasyndaky sebitde dökün berlen meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak möwsümi hem dowam edýär. Sebitde häzirki wagta çenli 25 müň gektardan gowrak ýerde ýuwuş suwy tutuldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň