Top.Mail.Ru

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy, Türkmenistandaky iň uzyn köpri Aşgabat – Türkmenabat ýolunyň ugrunda peýda bolar we beýleki habarlar

13:0507.10.2023
0
24688

Türkmenistanda

1. 6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi, onda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanylýar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany öz çykyşynda wepat bolanlary hatyralamagyň Türkmenistanyň her bir raýatynyň mukaddes borjydygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, weteranlar, talyplar we paýtagtyň ýaşaýjylary ýadygärlikleriň etegine gül desselerini goýdular.

2. Türkmenistan milli ykdysadyýetini dünýä çykarmak we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň möçberini artdyrmak maksady bilen ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan «Aşgabat — Türkmenabat» awtobanynyň gurluşygy bu ugurda iň möhüm taslamalaryň biridir. Awtoban «Beýik Ýüpek ýolunyň» bir böleginiň häzirki zaman nusgasyna öwrüler. Ýoluň «Mary—Türkmenabat» böleginiň 322-nji kilometrinde uzynlygy 241 metr bolan köpri, 442-nji kilometrde bolsa Garagum derýasynyň üstünden uzynlygy 291 metr we ini 38 metr bolan köpri gurulýar. Munuň özi ýurtdaky iň uzyn köpri bolar.

3. Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 8 — 11-nji oktýabry aralygynda Baku şäherinde geçiriljek «Gorkut ata» türki dünýäsiniň üçünji festiwalyna gatnaşar. Türkmen wekiliýetiniň düzümi kinomatografiýaçylardan, artistlerden we teležurnalistlerden ybarat bolar. «Türkmenfilm» birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» atly çeper filmi «Oýun kinosy» baýragyna dalaşgärlige hödürlener. Bäsleşik maksatnamasyndan daşary bolsa ýakynda «Ýüpek ýolunyň merjeni» at bilen geçirilen XV Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşan kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» filmi görkeziler. «Dokumental kino» ugry boýunça Pälwan Geldiýewiň «Günüň we suwuň perzentleri» atly dokumental filmi görkeziler.

4. «EKSPO – 2023 Doha» h¬alkara sergisiniň çäklerinde 9-nj¬y oktýabrda Türkmenis¬tanyň milli gününi ge¬çirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Prezident Ser¬dar Berdimuhamedow bilen Ha¬lkara sergiler býuros¬ynyň Baş sekretarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça yglan edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar H¬alkara sergiler býuro¬synyň goldaw bermegin¬de guralýan sergi-ýar¬marka işleri ulgamynd¬a özara hyzmatdaşlygy-ň geljekki ugurlary, ¬şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribeler¬ini öwrenmegiň mümkin¬çilikleri barada piki¬r alyşdylar.

Dünýäde

5. Fransuz alymlary Ýewropanyň iň beýik nokadynyň – Alp daglaryndaky Monblan dagynyň soňky 10 ýylda birnäçe metr peselendigini habar berdiler. Sentýabr aýynda Monblanda geçirilen barlag işlerine fransuz barlagçylarynyň topary, şol sanda biatlon boýunça dünýä çempiony Marten Furkad hem gatnaşdy. Alp daglarynyň esasy nokadynyň beýikligi indi ençeme ýyl bäri barlaglaryň merkezinde bolmagynda galýar.

6. Tehas uniwersitetiniň alymlary Täze Zelandiýanyň kenarýaka çäklerinde, takmynan, 3,2 km çuňlukda ägirt uly suw howdanyny tapdylar. Ýerasty «deňiz» ýitirilen wulkan platosynyň çökündileriniň we gaýalarynyň aşagynda ýerleşýär. Suwuň tapylan ýeri 125 million ýyl ozal lawa şleýfiniň ýarylmagy bilen emele gelen giň wulkan meýdanynda ýerleşýär. Hünärmenler ýerasty suw howdanynyň Täze Zelandiýadaky ýer böleginde tektoniki güýjenmäni haýallatmaga ýardam berýär diýip hasaplaýarlar, ýagny haýal ýer titremeler arkaly ýer gabygynyň bölekleri haýal hereket edip, seýsmiki energiýany ýuwaş-ýuwaşdan boşadýar.

Sport habarlary

7. Hançžou şäherinde tamamlanan ХIХ Tomusky Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilen boks ýaryşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Baýramdurdy Nurmuhamhamow 71 kilograma çenli agram derejesinde baýrakly orny eýeläp, hormat münberine çykdy. Magtymguly şäherinde doglan 21 ýaşly türgen ýarym finala çykyp, bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen türgeniniň bu üstünliginiň hormatyna boks ýaryşynyň geçirilen ýeri bolan Hançžou gimnaziýasynyň Sport köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy.

8. AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň çäklerinde geçirilen «Altyn asyr» – «Rawşan» duşuşygy deňme-deň tamamlandy. Duşuşyk şu gün «Aşgabat» stadionynda geçirildi. Garşydaşlar ahyryna çenli ýeňiş ugrunda göreşdiler, ýöne oýnuň 90 minudynyň dowamynda ýeňijini kesgitlemek başartmady. Duşuşyk 1:1 hasap bilen tamamlandy. Emmanuel Mwanengonyň 17-nji minutda geçirilen pökgüsine Rahman Myratberdiýew ikinji ýarymyň ortalarynda takyk urgy bilen jogap berdi.

9. «E» toparçanyň «Aşgabatda» geçirilen beýleki duşuşygynda «Merw» Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» topary bilen deňme-deň oýnady. «Merw» düzüminde ýeke-täk pökgini Toýly Goçnazarow tora girizdi. Pökgi burçdan urlandan soň tapawutlanmagy başaran gyrgyz toparynyň ýarymgoragçysy Žyrgalbek Kaýrat «Abdyş-Atanyň» hasaby deňlemegine kömek etdi. AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäklerinde 26-njy oktýabrda geçiriljek indiki oýunlarda «Altyn asyr» «Merw» bilen duşuşar. «Rawşan» hem şol gün «Abdyş-Ata» bilen oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň