Top.Mail.Ru

Türkmenistan ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny ösdürip, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär

13:3605.10.2023
0
49688

Türkmenistan milli ykdysadyýetini dünýä çykarmak we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň möçberini artdyrmak maksady bilen ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny işjeň ösdürýär.

Iň möhüm taslamalardan biri hökmünde uzynlygy 600 kilometre barabar bolan «Aşgabat — Türkmenabat» awtobanynyň gurluşygyny agzamak bolar. Awtoban Beýik Ýüpek ýolunyň bir böleginiň häzirki zaman nusgasyna öwrüler. Ýurduň gündogar sebitini döwletiň merkezi bilen birleşdirer hem-de Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna ýük akymlaryna göni giriş mümkinçiligini berer.

Munuň netijesinde Türkmenistan Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlary üçin has özüne çekiji üstaşyr merkezine öwrülip biler. «CentralAsia.news» neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu barada ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň üçünji tapgyrynyň gurluşygynyň «Mary» bölüminiň başlygy Rejep Eýeberdiýew gürrüň berdi.

Häzirki wagta çenli awtoulag ýolunyň gurluşygyna on müňden gowrak adam we bir ýarym müň sany gurluşyk enjamlary gatnaşýar. Ýoluň ugrunda onlarça uly we kiçi köpri, şeýle hem ýerasty geçelgeler, awtoulag hyzmat meýdançalary we töleg terminallary gurulýar.

Ýoluň «Mary—Türkmenabat» böleginiň 322-nji kilometrinde uzynlygy 241 metr bolan köpri, 442-nji kilometrde bolsa Garagum derýasynyň üstünden uzynlygy 291 metr we ini 38 metr bolan köpri gurulýar. Munuň özi ýurtdaky iň uzyn köpri bolar diýip, çeşme habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň