Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri dürli demirçilik işlerini ýerine ýetirýärler

10:3402.10.2023
0
26314

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümine girýän «Nebitmaş» döwlet kärhanasy dürli metallar we erginler bilen demirçilik işleriniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirýär.

Demri ýenjip işlemek – bu metala gerek bolan şekili bermek maksady bilen, ony ýumşak we gaýtadan işlemek üçin amatly bolýança gyzdyryp, üstünde işlemekdir. Poladyň düzümindäki uglerod mukdary näçe köp bolsa, şonça-da az gyzydyrmak gerek bolýar. Ortaça, metal bilen işlemek üçin 900 – 1050 gradus gyzgynlyk peýdalanylýar.

Gyzdyrmak üçin ýangyçda örän az mukdarda kükürt we fosfor bolmalydyr. Ýokary temperaturada bu elementler metal bilen birleşip, onuň hilini peseldýärler.

«Nebitmaş» kärhanasynda demri ýenjip işlemek iki usul arkaly amala aşyrylýar – ştamplamak we erkin ýenjip işlemek. Ştamplamak usulynda işlenende metal galybyň içini doldurýar, şeýlelikde hem islenýän şekil alynýar. Erkin ýenjip işlemekde ýöriteleşdirilen tekiz gurluşlaryň urgularynyň täsiri astynda metal gerek bolan şekili alýar.

Şeýle hem kärhananyň hünärmenleri germek, eplemek, egmek, kesmek, deşik açmak we kebşirlemek ýaly metal bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýärler.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň