Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň baý taryhy bolan hem-de häzirki wagtda görnetin ösýän kärhanalarynyň biridir. Baryp 1960-njy ýylda esaslandyrylan kärhana häzirki wagta çenli ýurduň nebitgaz we energetika senagatyny zerur bolan enjamlar bilen üpjün edip geldi. 2020-nji ýyla çenli «Nebitmaşyň» düzümine şahamça hökmünde «Türkmenkabel», «Maşyngurluşyk» ýöriteleşdirilen merkezi konstruktorlyk býurosy», «Türkmenmaş» ýaly döwlet kärhanalary goşuldy.
«Nebitmaş» kärhanasy ilkibaşda ýurduň nebitgaz senagatyny zerur enjamlar bilen üpjün etmek maksady bilen döredilip, soňlugy bilen elektrik energiýasy pudagyna degişli önümleriň, şeýle-de umumylykda energetika toplumynyň infrastrukturasyna niýetlenen enjamlaryň önümçiligini hem ýola goýdy.
Häzirki wagtda «Nebitmaş» tarapyndan öndürilýän önümleriň hatarynda — gaz peçleri, nebit akymyny gyzdyryjylar, nebit önümlerini dökmek we guýmak üçin enjamlar, dürli maksatlara niýetlenen we dürli göwrümdäki demir gaplar, bölüji şkaflar, transformator hem-de yşyklandyryjy stansiýalar, daşky bloklar, izolýatorlar we goraýjylar, elektrik enjamlar üçin misden ýasalan dürli düzüm bölekleri — giriş kontaktlary, rubilnikler we beýleki detallar, LEP üçin ýokary woltlyk polat kolonnalar, serhet gözegçilik diňleri bar.
Bulardan başga-da, «Nebitmaş» demir gözegçilik diňleri we süýşýän we adaty wagon-öýleri hem öndürýär. Bu hili wagonlar senagat maksatly edaralar tarapyndan ilatly zolaklardan uzakda ýerleşen ýerlerde jaý ýa-da dolandyryş bölümi hökmünde ulanylyp bilner.
Kärhana şeýle hem şäher durmuş infrastrukturasynyň döwrebap bölegi bolan çagalar oýun meýdançalarynyň we sporty hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini halaýanlar üçin daşardaky trenažýorlaryň önümçiligini özleşdirdi.
«Nebitmaşyň» önümhanalarynda önümçilik we gurluşyk kärhanalary üçin niýetlenen iş lybaslary, jalbarlar, galyň materiallardan ellikler tikilýär. Şunuň bilen birlikde, kärhananyň hünärmenleri dürli çylşyrymlylykdaky tokar-frezerlik, demir işleme işlerini ýerine ýetirýärler.
«Nebitmaş» kärhanasy gerekli çig mallary satyn almak babatda daşary ýurtlaryň kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Muňa kärhananyň geljekde önümçiligi giňeltmek maksady bilen, 2022-nji ýylda «Täjik alýuminiý kompaniýasy» AGPJ bilen alýuminiý tapgyryny satyn almak barada şertnama baglaşandygyny mysal getirmek bolar.
«Nebitmaşyň» üýtgewsiz durmuşa geçirýän strategiýasy milli senagaty bäsdeşlige ukyply, importyň ornuny tutýan enjamlar we düzüm bölekleri bilen üpjün etmekden ybarat.
Şeýle-de okaň: