Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK içerki elektrotehniki bazar üçin dürli modifikasiýaly liniýa-zynjyr armaturalary hödürleýär

10:4131.07.2023
0
30285

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ýurduň elektrotehniki senagaty üçin niýetlenen önümleri öndürýär.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasy gyzyklanma bildirýän kärhanalara WL10kW direglerinde, bir saklaýjyly aralyk direglerinde ulanylýan liniýa-zynjyr armaturalary, şeýle-de 9,5 we 11 metr uzynlykdaky demirbeton saklaýjylary esasyndaky WL0,38kW üçin gurluşly anker direglerini hödürleýär.

Mälim bolşy ýaly, liniýaly zynjyr armaturalar sim izolirleýji asmalarda, birikdirmelerde we elektrik geçirijileriň howa liniýalarynyň komplektasiýalarynda peýdalanylýar.

Ýatlatsak, «Nebitmaş» döwlet kärhanasy elektrotehniki önümlerden başga-da, nebitgaz hem-de elektrotehniki pudagyň kärhanalarynyň işçileri üçin ýörite iş geýimlerini tikip bermek işlerini ýerine ýetirýär.

«Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçesi, 6-njy jaý.

Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň