Turkmenportal logo
17.07.23
2934129341
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nebitmaş» döwlet kärhanasy elektrotehnika senagaty üçin önümleriň dürli görnüşini hödürleýär
«Nebitmaş» döwlet kärhanasy elektrotehnika senagaty üçin önümleriň dürli görnüşini hödürleýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ýurduň elektrotehnika senagaty üçin önümleri öndürýär.


«Nebitmaş» DK 0,4 kw çenli naprýaženiýede we 50 Gs ýygylykda ulanmak üçin «RPS 1-100A», «RPS 2-250A» we «RPS 2-400A» kysymly öçüriji enjamlary (rubilnikleri) hödürleýär.


Şeýle hem «Nebitmaş» DK ýurduň içerki bazarlary üçin tok zynjyrlaryny, elektrik geçirijilerini we naprýaženiýe transformatorlaryny goramaga niýetlenen kwars çägeli «PK» we «PN-2» kysymly (0,4 kw çenli nominal naprýaženiýä we 100A, 250A, 400A, 630A kuwwatly nominal tok üçin) ýokary woltly gorag enjamlaryny (predohronitelleri) öndürýär.



Mundan başga-da, «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda nebitgaz we elektrotehnika pudaklaryndaky kärhanalarynyň işgärleri üçin ýörite iş eşikleri: penjekler, buşlatlar, jalbarlar, gorag ellikleri, düşek üçin örtük toplumlary tikilýär. Iş eşiklerini taýýarlamak üçin berkligi güýçlendirilen gabardin materialy, şeýle hem şöhläni serpikdiriji mata zolaklary peýdalanylýar.


«Nebitmaş» DK-niň salgysy: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.


Telefonlar: (+993 12) 76 02 43; 76 03 69, (+993 65) 69 91 64. Faks: (+993 12) 76 02 25.


Şeýle-de okaň: