Turkmenportal logo
04.07.23
3516835168
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nebitmaş» döwlet kärhanasy wahta gulluklarynyň işgärleriniň ýaşamaklary üçin wagonlary öndürýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ýurduň nebitgaz we elektroenergetika senagatlary üçin enjamlary hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän «Nebitmaş» döwlet kärhanasy wahta gullugynyň alnyp barylýan ýerlerinde ýaşamak üçin wagon görnüşli amatly hem-de giň öýjagazlary hödürleýär.


Ýörite typýan aýakly (salazkaly) wagon-öýjagazlarda (ýerini üýtgetmegiň ýeňil bolmagy üçin) wahta usulynda ilatly nokatlardan uzakda işleýän nebitçileriň, burawlaýjylaryň, elektrik geçirijilerini çekijileriň hojalygyny emele getirmekleri hem-de ýaşamaklary üçin ähli şertler bar. Galyberse-de, şeýle wagonlarda iş otaglaryny, kiçiräk ussahanalary, aşhanalary, hammam we beýleki goşmaça otaglary ýerleşdirmek mümkindir.


Agramy bäş ýarym tonna barabar wagonyň uzynlygy 9 metre, ini 2,6 metre, uzynlygy 3,7 metre deňdir. Wagon görnüşli öýjagazlar ýükgöterijiligi 4 tonna bolan awtoulag serişdeleri bilen daşalyp bilner.


«Nebitmaş» DK-nyň salgysy: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.


Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 76 02 43; 76 03 69, Faks: (+993 12) 76 02 25.


Şeýle-de okaň: