Top.Mail.Ru

«Nebitmaş» dürli materiallarda tokar-frezerlik işleriniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirýär

10:4904.09.2023
0
26156

«Nebitmaş» köpugurly döwlet kärhanasy tokar-frezerlik, şeýle hem demir işleme işlerinde giň gerimli hyzmatlaryny hödürleýär.

Kuwwatly önümçilik goruna we hünär taýdan kämil işgärlere eýe bolmak bilen, «Nebitmaş» öndürýän önümleriniň hilini hem-de giň haryt görnüşlerini kepillendirýär. Tokar-frezerlik işleri şu görkezilen metallar we erginler bilen ýerine ýetirilýär:

  • poslamaýan demir;
  • mis;
  • bürünç;
  • latun;
  • alýuminiý;
  • instrumental polatlar we beýlekiler.

Goşmaça gurallar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman enjamlary şu hili görnüşli işleri ýokary takyklyk bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär: daşarky we içerki silindr hem-de konus örtüklerini gaýtadan işlemek, kesmek, pazlary, kanawkalary şponkalary frezalamak, dürli burçlardan buraw deşiklerini etmek, towlamak, fason örtüklerini gaýtadan işlemek we beýlekiler.

«Nebitmaş» kärhanasy tarapyndan amal edilýän frezerlik işleriniň hatarynda tors örtüklerini filirlemek, rezba üçin buraw deşikleri, pazlary, şlisleri, şpon kanawkalary frezalamak ýaly işleri bellemek bolar.

«Nebitmaş» kärhanasynyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe (N.Pomma), 6-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69;
  • faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň