Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK — howa sowadyjy we doňduryjy enjamlara ýokary hilli we professional hyzmat ediş işleri

10:1028.08.2023
0
26764

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ýurduň esasy pudaklary üçin tehnologiki önümleri öndürmek bilen birlikde, howa sowadyjy ulgamlary we doňduryjy enjamlary oturtmak hem-de abatlamak bilen bagly hyzmat ediş işleri üçinem sargytlary kabul edýär.

Hyzmatlaryň çygryna şular girýär:

  • howa sowadyjy ulgamlary oturtmak we abatlamak;
  • sowadyjy enjamlary oturtmak we abatlamak;
  • howa sowadyjy we doňduryjy enjamlara degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek.

Islendik çylşyrymlylykdaky bu ugurdaky işler «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan raýat desgalarynda (öý, kottej, ofis) we senagat kärhanalarynda amala aşyrylýar.

Hyzmatlaryň ýokary hilli we wagtynda ýetirilmegi üçin ýerlere barýan toparlaryň işi guralýar.

«Kompaniýa bu ugurda uly tejribesi bolan ýokary hünärli hünärmenleri işe kabul edýär. Ähli ýerine ýetirilen işler üçin bolsa kepillik berýäris» – diýip, «Nebitmaş» DK-nyň hünärmeni belleýär.

«Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69.

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň