Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramaga taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, sergide Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeler, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar.
Şeýle hem serginiň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşlere we ýetilen sepgitlere bagyşlanan dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Sergide täze önümleriň, maýa goýum taslamalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljegi uly maksatnamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek hem göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, pudaklarda giň gerimli işleriň geçirilendigini we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, okgunly ösýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe bolýandygyny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow serginiň Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, içerki we daşarky bazarlarda önümleri hem-de hyzmatlary ilerletmäge ýardam edýän toplumlaýyn çärä öwrülmelidigini aýdyp, wise-premýere bu giň gerimli gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.