Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan GDA-nyň syýahatçylyk hyzmatdaşlygy boýunça bilermenler toparynyň mejlisine gatnaşdy

10:5027.07.2023
0
41740

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA ýurtlarynyň syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan bilermenler toparynyň mejlisine gatnaşdy. Hususan-da, bu Strategiýany durmuşa geçirmek üçin 2024 — 2026-njy ýyllar üçin Hereket meýilnamasynyň taslamasyny jemlemek we ylalaşmak meselelerine garaldy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web saýtynda bellenilişi ýaly, ylalaşylan meýilnamanyň taslamasy GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň garamagyna hödürlener.

Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza döwletleriniň syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek strategiýasy 2021 — 2030-njy ýyllar üçin işlenip düzüldi.

Strategiýanyň durmuşa geçirilýän döwüri üçin hyzmatdaşlygyň maksatlary:

  • içerki bazardaky syýahatçylyk akymlaryny güýçlendirmek we bilelikdäki syýahatçylyk önümini döretmek, ony dünýä bazaryna çykarmak ugrundaky tagallalara goşulmak;
  • GDA-nyň ähli döwletleri tarapyndan bu ugurdan alnan girdejiniň ösüşi;
  • ähliumumy gymmatlyklary we medeni dürlüligi goramak;
  • jogapkärli, yzygiderli we hemmeler üçin elýeterli syýahatçylygyň ösmegine ýardam bermek.

Çeşmäniň bellemegine görä, häzirki wagtda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Strategiýany durmuşa geçirmek boýunça Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň