Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikler barada hasabat berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçiligiň sazlaşykly hereketi üpjün edilmelidir.
Gahryman Arkadag täze şäheriň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň döwrebap derejede alnyp barylmagynyň, önümçilik toplumlarynyň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, täze şäherde degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we onuň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologiýa derejesiniň birnäçe halkara güwänamalaryna mynasyp bolandygyny belläp, Arkadag şäherinde degişli ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan «Garagum», «Saýaly menzil», «Dost gurluşyk, «Ýedi ýer söwda-önümçilik», «Ajaýyp gurluşyk» hojalyk jemgyýetleriniň, «Mukaddes gün», «Ak tab», «Berk teker» hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary ilki bilen, häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri we täze gurluşyklara başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdiler. Şeýle hem olar bildirilýän ynam üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýerli telekeçileriň ýurduň altyn gaznasy hasaplanylýandygyny, olaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigini belledi. Gahryman Arkadag bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we döwrebap usullarynyň ulanylmalydygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşykçy telekeçilere bu ýerde uzak geljegi nazarlaýan taslamalaryň ynanylandygyny belläp, olaryň il içinde bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly sogap hasaplanylýan işleri ýerine ýetirmek arkaly taryhda möhüm orun eýelejekdiklerine we asylly işleriň netijelerini geljek nesillere ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ýüzlenip, olara täze şäheriň nobatdaky gurluşyklarynyň işini sazlaşykly ýola goýmak we olaryň depginlerini ýokarlandyrmak babatda telekeçiler bilen bilelikde işlemegi tabşyrdy.