Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde gurulmaly ýaşaýyş jaýlary boýunça bäsleşik yglan edildi

09:3407.07.2023
0
34059

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly:

  • 9 sany, her biri 320 orunlyk çagalar bagynyň;
  • 5 sany, her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň;
  • 36 sany, bäş gatly, her biri 30 öýli ýaşaýyş jaýynyň;
  • 36 sany, bäş gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň;
  • 24 sany, ýedi gatly, her biri 42 öýli ýaşaýyş jaýynyň;
  • 14 sany, dokuz gatly, her biri 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri şäheriň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

  • Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 52-55-71.
  • E-mail: adk@sanly.tm
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň