Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5417.04.2023
0
36468
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi ugrunda degişli çäreler görülýär. Ýeralma, sogana hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg edilýär.

Häkimler şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärli, toplumlaýyn we guramaçylykly çemeleşmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler pagtaçy daýhanlar tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek arkaly welaýatlarda gowaça ekişi dowam etdirilýär. Gowaça ekişi geçiriljek meýdanlara tagt suwy, ekiş geçirilen meýdanlara bolsa gögeriş suwy tutulýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak we beýleki degişli işler geçirilýär.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň öndürilişini artdyrmak, ilaty bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygyny, Daşoguz welaýatynda bolsa pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumyny paýlamak işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Şeýle-de hasabatda häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynda oba hojalyk ekinlerini we öri meýdanlaryny zyýankeşlerden goramak we olaryň ýüze çykyp biljek ýerleriniň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, bu işleriň gündelik gözegçilikde saklanylýandygy barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere gowaça ekişiniň, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurduň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi, howanyň maýlamagy bilen baglylykda, ekin we öri meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň