Azerbaýjan ýylyň başyndan bäri Eýranyň üsti bilen türkmen gazynyň importyny 2,4% ýokarlandyrdy

11:1525.04.2024
0
6465
Azerbaýjan ýylyň başyndan bäri Eýranyň üsti bilen türkmen gazynyň importyny 2,4% ýokarlandyrdy
Surat: daryo.uz

2024-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda Azerbaýjan Eýranyň üsti bilen swap görnüşinde 208,87 million kub metr türkmen gazyny import etdi. Bu bolsa geçen ýylkydan 2,4% köpdür diýip, daryo.uz ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu eksport üçtaraplaýyn şertnama boýunça 2022-nji ýylyň başyndan bäri amala aşyrylýar. Degişli şertnama boýunça Eýran Sarahsyň (Türkmenistan) üsti bilen ýylda 3-4 milliard kub metr gaz alyp biler.

Bu üstaşyr hyzmatlary milli gaz çeşmelerinden uzakda ýerleşýän Razawi, Demirgazyk we Günorta Horasan, Golestan we Semnan ýaly Eýran welaýatlaryny hem tebigy gaz bilen üpjün etmäge kömek edýär.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komiteti 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň jemi 1,51 milliard kub metr türkmen gazyny import edendigini habar berdi, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 77% köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň