Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň geçen birinji çärýeginde 904 müň tonna golaý nebit alyndy

11:3323.04.2024
0
5256

2024-nji ýylyň geçen birinji çärýeginde Türkmenistanyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryndan alnan «gara altynyň» umumy möçberi 904 müň tonna golaýlady. Munuň özi «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli müdirlikleri tarapyndan bu döwürde hereket edýän guýulardan nebit çykarmak baradaky meýilnamanyň 102 göterimden geçirilip ýerine ýetirilendiginden habar berýär.

Şunda meýilnama goşmaça çykarylan «gara altynyň» möçberiniň 18,4 müň tonnadan hem köp bolandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gazanylan üstünlikde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň iri önümçilik düzümi bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň hem mynasyp paýy bar. Häzirki zamanyň iň kämil desgalaryna ygtybarly erk etmegiň hötdesinden gelýän konserniň burawlaýjylary gürrüňi edilýän üç aýda dag jynslarynyň jemi 37 müň 841 metre barabar çuňluklaryny geçip, bellenilen tabşyryga artygy bilen hötde gelmegi başardylar.

Şeýle hem olar hasabat döwründe ulanyş maksatly täze guýularyň 7-sini uglewodorod çig mallaryny çykarýan müdirliklere tabşyrdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň