Türkmenistan Hytaýa ýanwar — mart aýlarynda 2,4 mlrd dollar bolan türkmen gazyny iberdi

11:2025.04.2024
0
7108
Türkmenistan Hytaýa ýanwar — mart aýlarynda 2,4 mlrd dollar bolan türkmen gazyny iberdi
Surat: oilgas.gov.tm

2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Hytaý jemi bahasy 2,4 mlrd dollar bolan türkmen gazyny import etdi. Bu barada HHR-niň Baş gümrük müdirligi habar berdi diýip, oilgas.gov.tm ýazýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy üç ugur boýunça eksport edýär. Ol ugurlar Türkmenistan —Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry boýunça geçip, ýyllyk kuwwaty 55 mlrd kub metr gaza barabardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, HHR-e gazy iri eskport edijileriň hataryna Awstraliýa (3,6 mlrd dollara 6,3 mln tonna), Katar (3,1 mlrd dollara 5,2 mln tonna) we Malaýziýa (1,15 mlnrd dollara 2,3 mln tonna) girýär. Bu ýurtlar gazy suwuklandyrylan görnüşinde iberýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň