Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi, 25-nji aprelde Urumçiden Aşgabada howa gatnawlary dikeldiler, «Arçman» ýene 400 orunlyk giňeldiler we beýleki habarlar

11:1917.04.2023
0
38196

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow musulmanlaryň agyz bekleýän Oraza aýynyň 27-nji gijesinde bellenilýän Gadyr gijesi mynasybetli jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen Türkmenistanyň 463 raýatynyň günäsini geçdi. Onuň gol çeken Permanyna laýyklykda, «günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy». Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle-de beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

2. «China Southern Airlines» hytaý awiakompaniýasy 25-nji aprelde Urumçiden Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder. Başlangyç tapgyrda uçuşlar hepdede bir gezek – sişenbe günleri amala aşyrylar.

3. 22-nji aprelde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler. Kabul edişlik Adalat minsitrliginiň binasynda ýerli wagt bilen 9:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

4. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binalar toplumy gurlar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi goşmaça täze toplumlary gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

5. Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban adyndaky ussahana» açylar. Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň türkmen şahamçasynyň, şeýle hem HHR-iň iki sany ýokary okuw mekdebiniň – Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň we Sian nebit uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda garyşyk görnüşde geçirilen duşuşykda açylyşyň guramaçylyk meseleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hytaýyň «Lu Ban adyndaky ussahana» atly halkara taslamasy 2500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen meşhur hytaý oýlaptapyjysynyň hormatyna şeýle atlandyryldy. Rowaýatlara görä, ol häzirki wagtda hem ulanylýan köp sanly enjamlary oýlap tapypdyr.

Dünýäde

6. Samarkant 2024-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty bolar. GDA-nyň medeni paýtagty Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan 2010-njy ýyldan bäri her ýylda saýlanýar. Dürli ýyllarda bu derejä Şymkent, Kulýab, Woronež, Astana, Duşanbe we beýlekiler mynasyp boldular. Türkmenistanyň şäherleriniň hatarynda Mary we Daşoguz GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildiler.

7. «NASA-nyň» Marsyň üstüne gondurylan özi hereket edýän enjamy äpet gadymy balygyň ýa-da süýrenijiniň oňurgasyna meňzeş üýtgeşik bir zady surata düşürdi. Suratlardaky ilkinji geň zady kosmobiolog Natalýa Karbol ýüze çykardy. Ol bu suraty özüniň «Twitter-däki» sahypasynda «bu meniň soňky 20 ýylda gabat gelen iň üýtgeşik daşym» diýen ýazgy bilen paýlaşdy. Sosial ulgamy ulanyjylar şolbada munuň näme bolup biljekdigi barada çaklamalary öňe sürüp başladylar. Köpçülik munuň Marsda haçanam bolsa bir wagtlar ýaşaýşyň bolandygy, skeletiň hem marsly balyga degişlidigi hakyndaky pikiri goldaýarlar.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynyň birinji tapgyry tamamlandy. Ol 14-nji aprelde «Köpetdag» – «Şagadam» duşuşygy bilen badalga alypdy we Aşgabadyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şenbe güni, 15-nji aprelde «Ahal» «Energetigi» ýeňdi (1:0), «Aşgabat» myhmançylykda «Merwden» üstün çykdy (1:0), «Altyn asyr» bolsa öz meýdançasynda «Nebitçi» bilen deňme-deň oýnady (0:0).

9. «Kitçi» futbol boýunça Gonkongyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynda myhmançylykda «Sautern Distrikt» klubyndan üstün çykdy. Duşuşyk 5:0 hasabynda tamamlandy. Myhmanlaryň düzüminden türkmen ýarymgoragçy Ruslan Mingazow iki gezek tapawutlanmagy başardy. Bu ýeňişden soň «Kitçi» 42 utuk toplap, Gonkongyň çempionatynda birinji orunda barýar.

10. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň basketbolçylary ХХI talyplar Uniwersiadasynyň ýeňijileri boldular. Aşgabadyň Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda geçirilen final duşuşygynda olar Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekillerinden 79:60 hasabynda üstün çykdylar. Zenanlaryň arasyndaky bäsleşikde bedenterbiýe we sport institutynyň basketbolçy gyzlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparyny ýeňmegi başardylar (29:19).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň