Şu gün 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň öňden gelýän asylly däplerinden, ynsanperwer ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle-de mübärek Gadyr gijesi mynasybetli, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 463 raýatyň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe, günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.