«Arçman» şypahanasynda bejeriş merkeziniň goşmaça binalary gurlar

08:5417.04.2023
0
37472

«Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen degişli bildirişde aýdylýar.

Has anygy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda Bäherden etrabyndaky binalar toplumyny gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi.

Bildirişde beýan edilişi ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň