Arhiw

Samarkand 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

15:2816.04.2023
0
25179
Samarkand 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi
Surat: 1zoom.ru

Gadymy Samarkand şäheri 2024-nji ýylda Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni paýtagty bolar. Muny Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow GDA-nyň daşary gatnaşyklar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Samarkantda geçirilen yzygiderli duşuşygynda aýtdy.

GDA-nyň medeni paýtagty Arkalaşygyň döwlet baştutanlary geňeşi tarapyndan 2010-njy ýyldan bäri her ýyl saýlanyp gelinýär. Ýyllaryň dowamynda Brest (Belarus), Şymkent (Gazagystan), Kulýab (Täjigistan), Ganja (Azerbaýjan), Woronež (RF), Mogilew (Belarus), Astana, Duşenbe we beýleki şäherler şeýle hormata laýyk görüldi.

Türkmenistan şäherleriniň arasynda Mary (2012) we Daşoguz (2016) GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. 2023-nji ýylyň medeni paýtagty Sankt-Peterburgdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň