Türkmenistanda Türkiýede bolup geçen ýertitremede aradan çykanlaryň we ejir çekenleriň hatyrasyna sadaka berildi, Aşgabatda üç sany lukmançylyk merkeziniň düýbi tutuldy, Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy köpçülige ýetirildi

10:5716.03.2023
0
37321

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynda köp sanly adam pidalaryna we giň gerimli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berildi. Hatyra çäresine ýörite Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň din wekilleri hem gatnaşdylar. Hatyra çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň satuwyndan gelýän galam hakynyň serişdelerine guraldy.

2. Aşgabatda üç sany lukmançylyk merkezleriniň – 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 160 orunlyk Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Täze lukmançylyk merkezleriň düýbüni tutmak dabaralaryna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we «Gap İnşaat» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, lukmançylyk merkezleriniň üçüsi hem 2026-njy ýylda doly taýýar edilip, ulanmaga berilmelidir.

3. Türkmenistanyň Müftüliginiň berýän maglumatlaryna görä, ähli musulmanlar üçin mukaddes Remezan aýy şu ýylda 23-nji martda başlanar. Ol 20-nji marta çenli dowam eder, soňra Oraza baýramy belleniler. Türkmenistanyň ýaşaýjylary Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy bilen «Turkmenportal» saýtynda tanşyp bilerler.

4. Aşgabatda Türkmen-tatarystan işewürlik maslahaty geçirildi. Çärä iki ýurduň döwlet düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Tatarystanyň birnäçe guramalarynyň we hususy kompaniýalarynyň, şol sanda «Tatneft», «KAMAZ», «Kazan dikuçar zawody» ýaly dünýäde meşhurlyk gazanan kompaniýalaryň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Işewürlik maslahatynda Russiýanyň wekiliýetine Tatarystanyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko ýolbaşçylyk etdi.

5. Beýik Britaniýanyň DIM-i Türkmenistandaky ilçisini üýtgetdi. Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi hökmünde Stiwen Konlon bellenildi. Täze bellenilen ilçi 2023-nji ýylyň maýynda öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer. Konlon Onuň Alyhezretleriniň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde döwlet gullugynda başga wezipä geçýän Lýusi Uaýldyň ornuna bellenildi.

6. Türkmenistan howasynyň hapalanma derejesi iň pes görkezijili ýurtlaryň sanawyna girdi. «World Air Quality» gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistan bu görkeziji boýunça sebitdäki goňşularyndan öňe saýlandy. Merkezi Aziýada howanyň hiline gözegçiligi «IQAir» onlaýn-platformasy ýerine ýetirýär. Ol hakyky wagt tertibinde ölçeg işlerini geçirýär we howanyň hili baradaky maglumatlary bütin dünýädäki gözegçilik stansiýalaryna iberýär.

7. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary 2023-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

Dünýäde

8. Keniýadaky Kamnarok kölünde 10 müňe golaý krokodil ýogaldy. Süýrenijileriň köpçülikleýin gyrylmagynyň sebäbi – soňky 40 ýylyň dowamyndaky iň güýçli gurakçylykdyr. Kölüň derejesi şeýle bir peseldi welin, ol ýerde krokodillerden başga-da köp sanly haýwanlar, şol sanda piller hem ýogaldy. Ýolbaşçylar gurakçylyk zeper ýetirmedik haýwanlary tutmak we olary Keniýanyň beýleki sebitlerine göçürmek boýunça çäreleri görýärler.

9. «Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýasy hakynda» kanunyň taslamasyna prezidentlik möhletiniň bäşden ýedi ýyla çenli uzaldylýandygy hakynda bölüm girizildi. Özbek parlamentiniň aşaky palatasy prezidentlik möhletini uzaltmak boýunça 30-njy aprelde maslahat geçirer. Konstitusiýanyň täze neşirine ýene 27 madda goşmak meýilleşdirilýär.

Sport habarlary

10. Ispaniýanyň «Realy» we Italiýanyň «Napolisi» Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykmaga mümkinçilik gazandylar. «Real» iki oýnuň netijesi boýunça «Liwerpuldan» üstün çykdy, «Napoli» bolsa «Aýntrahty» ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, 1/4 finala gatnaşjaklaryň ählisi mälim boldy. «Real» we «Napoliden» başga-da, bu toparlar – Angliýanyň «Mançester Siti» we «Çelsi» toparlary, Italiýanyň «Inter» we «Milan» toparlary, Germaniýanyň «Bawariýasy» we Portugaliýanyň «Benfikasy». Çärýek finalyň bije çekişligi 17-nji martda geçiriler.

11. Garyşyk başa-baş söweş sungatlary boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator» guramasynyň ýarymagyr agram derejesindäki türgenleriň sanawynda 7-nji orna çykdy. Ýatlatsak, 10-njy martdan 11-nji marta geçilýän gijede Ýagşymyradow «Bellator 292» çempionatynda litwaly Julius Englikasy ýeňdi. Tutluşyk üç raund dowam etdi, eminler biragyzdan çözgüt bilen ýeňşi Ýagşymyradowa berdiler.

12. Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary BAE-de türgenleşik ýygnanyşygyna geldi. Topar Ajmanda ýerleşdi. Ýygnanyşyk 31-nji marta çenli dowam eder. Bu ýylda «Altyn asyr» AFK Kubogynda çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň