Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze saglyk merkezleriniň düýbi tutuldy

10:4015.03.2023
0
36598
Aşgabatda täze saglyk merkezleriniň düýbi tutuldy
Surat: Türkmenmetbugat

Şu gün Aşgabat şäheriniň dürli künjeklerinde täze lukmançylyk merkezleriniň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düýbüniň tutuljak ýerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkiýeli myhmanlar, lukmanlardyr il sylagly ýaşulular garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde sözlän sözünde saglygy goraýyş özgertmeleriniň esasy ugurlary, täze desgalaryň ähmiýeti hakynda aýtmak bilen, adamyň we onuň saglygynyň döwletiň we jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýandygyny nygtady. Soňra «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk çykyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze lukmançylyk merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi we ony ýörite guta ýerleşdirip, täze desganyň binýadyna atmak bilen, iri gurluşyga badalga berdi.

Soňra dabaralar Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dowam etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-njy fewralynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabatda bina ediljek 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryny amala aşyrmak «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasyna ynanyldy. Kompaniýa tarapyndan täze desgalary taslamalaryny düzmek, olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak arkaly 2026-njy ýyla çenli doly ulanyşa taýýar etmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň