Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ilkinji ýedilige girdi

01:2816.03.2023
0
40031

Garyşyk tutluşyk boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow Bellator ligasynyň ýarymagyr agram derejesinde iň güýçli pälwanlaryň ilkinji ýediligine girdi. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berdi.

Bu üstünlikde türkmen pälwanynyň 10-njy martdan 11-nji marta geçilýän gijede Bellator 292-niň çäginde litwaly Julius Englikas bilen geçiren ýeňişli tutluşygynyň uly paýy bardyr.

Ýeri gelende aýtsak, Döwletjan Ýagşymyadow bu ligada bassyr ikinji ýeňşini gazandy. Umumylykda bolsa onuň MMA ýoluny ýeňişleriň 20-si bezeýär.

Ýarymagyr agram derejesiniň reýting sanawynyň başyny Wadim Nemkow çekýär. Ikinji orunda Kori Anderson, üçünji orunda bolsa Fil Dewis bar.

Döwletjan Ýagşymyradow tutluşykdan soň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan onuň iň täsirli pursatlarynyň biriniň suratyny paýlaşyp, gyzgy goldawy üçin ähli janköýerlerine hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň