Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär

01:4016.03.2023
0
33954

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlady.

«SR9 Event Management» gullugynyň metbugat wekilinden habar berlişi ýaly, türkmen toparyny alyp baran uçar Dubaý şäherine üstünlikli gondy.

Topar Ajmandaky «Ramada Hotel & Suites» myhmanhanasynda ýerleşdi.

«Altyn asyryň» BAE-däki ýygnanyşygy 31-nji marta çenli dowam eder.

Geçen ýyl Türkmenistanyň çempionatyny ikinji orunda tamamlan topar şu ýyl AFK-nyň kubogyna hem gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň