Turkmenportal logo
16.03.23
2849228492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÇL: çärýek finalyň ähli gatnaşyjylary belli boldy
ÝÇL: çärýek finalyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

Ispaniýanyň «Real» we Italiýanyň «Napoli» toparlary ÝÇL-iň çärýek finalynyň soňky ýollanmalaryna eýe çykdylar.


«Real» öz öýünde 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda «Liwerpuly» 1:0 (deslapky oýun 5:2) hasabynda hasabynda ýeňlişe sezewar edip çärýek finala adyny ýazdyrdy. Parallel wagtda geçen oýunda bolsa «Napoli» öz meýdanynda «Aýntrahty» 3:0 (deslapky oýun 2:0) hasabynda utup, indiki tapgyra ýollanma aldy.


Şeýlelikde, ÝÇL-iň çärýek finalynda Ispaniýanyň «Real», Angliýanyň «Mançester Siti», «Çelsi», Germaniýanyň «Bawariýa», Italiýanyň «Inter», «Milan», «Napoli» we Portugaliýanyň «Benfika» klublary ýarym final ýollanmasy üçin göreşerler.


Çärýek finalyň bijesi 17-nji martda çekiler.