Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Eyyam Group» ygtybarly polat elektroşitleri we howpsuzlyk şkaflaryny öndürýär

09:3422.02.2023
0
36685

Metal önümleriň önümçiligine ýöriteleşen «Eyyam Group» türkmen kompaniýasy elektroşitleriň we howpsuzlyk şkaflarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär.

«Eyyam Group» sowuk urgy usulynda polatdan ýasalan we reňk tozy bilen örtmek usulynda reňklenen elektroşitleri üç göwrümde (uly, kiçi we orta göwrümde) öndürýär. Şeýle şitler elektrik energiýasyny dolandyrmak we hasaba almak üçin enjamlary ýerleşdirmek üçin peýdalanylýar. Olaryň berk metal gabarasy antiwandal häsiýete eýedir, şeýle hem ýokary derejede ygtybarlylygy we daşky täsirlere durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Şeýle-de kompaniýa berk howpsuzlyk şkaflaryny we ýangyn şkaflaryny öndürýär. Howpsuzlyk şkaflary ýangyn söndürmek üçin serişdeleri, şeýle hem gyssagly duýduryş enjamlaryny saklamak üçin niýetlenendir.

Kompaniýa ýörite katalogdan önümleri saýlamagy teklip edýär, şeýle hem sargyt edijiniň hususy taslamasy boýunça şkaflary, elektroşitleri we beýleki önümleri öndürýär.

«Eyyam Group» kompaniýasynyň merkezi binasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, 10 Ýyl Abadançylyk şaýoly (öňki Moskowskaýa), 211-nji jaý, «Altyn Asyr» işewürlik merkezi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň